Aşgabatda “Häzirki zaman modasynda milli nagyşlar” atly sergi geçirildi
Azerbaýjanyň Medeniýet Günleriniň çäklerinde Aşgabatdaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Şekillendiriş Sungaty Muzeýinde “Häzirki zaman modasynda milli nagyşlar” atly sergi guraldy.
Sergide milli nagyşlaryň we däp bolan bezeg öwüşginleriniň häzirki zaman egin-eşiklerinde hem-de dürli aksessuarlarda ulanylyşy görkezildi.