“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 05 iyun 2026

Türkmenistanyň Döwlet Şekillendiriş Sungaty Muzeýinde “Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni” atly serginiň açylyşy boldy

Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjanyň Medeniýet Günleri baý maksatnama bilen dowam edýär. Iýun aýynyň 5-ne Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet Ministrliginiň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Şekillendiriş Sungaty Muzeýinde “Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni” atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

 

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, Azerbaýjanyň Medeniýet ministri Adil Karimli we Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow çykyş etdiler.

 

Myhmanlara sergi bilen tanyşlyk mahalynda serginiň Azerbaýjanyň Milli Sungat muzeýi tarapyndan taýýarlanan “Azim Azimzadeniň eserlerinde ýaşaýan milli mirasymyz” atly ekspozisiýany, Azerbaýjanyň Milli Haly muzeýiniň gaznasyndan däp bolan hem-de awtorlyk halylarynyň sergisini, şeýle hem milli senetçilik eserleriniň sergisini we “Häzirki zaman modasynda milli nagyşlar” atly moda tanyşdyrylyşyny öz içine alýandygy barada maglumat berildi.

 

Ekspozisiýada Azerbaýjanyň professional grafika sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, Halk suratkeşi Azim Azimzade (1880–1943) tarapyndan döredilen eserler görkezilýär. Şeýle hem şol eserlerde şekillendirilen durmuş we medeni gurşaw muzeý gymmatlyklary arkaly tomaşaçylara ýetirilýär.

 

Sergide XIX asyrdan häzirki güne çenli döwri öz içine alýan tüýli we tüýsüz halylar, haly önümleri, çeper metal işleri hem-de keşdeçilik nusgalary görkezilýär. Halk suratkeşi Eldar Mikaýilzade tarapyndan döredilen eserler serginiň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

 

Sergi meýdançasynda gura­ma sungatynyň nusgalary hem ýerleşdirilipdir. Merhum Halide Nasirowa tarapyndan döredilen guramalar türki dünýägaraýşynyň aýdyň beýany hökmünde görkezilýär.

 

Şebeke sungatynyň yşyklandyrylan kompozisiýalary Şekiden bolan ussat senetçi Hüseýn Hajimustafazade tarapyndan reňkli aýnalardan taýýarlanan “ussatlyk sapagy” görnüşinde amaly taýdan görkezilýär. Zergärçilik sungatynyň däpleri bolsa senetçi Füzuli Alizade tarapyndan tanyşdyrylýar.

 

Bu ýerde meşhur modelýer Gulnara Halilowa we ýaş modelýer Anara Zakirli tarapyndan taýýarlanan “Häzirki zaman modasynda milli nagyşlar” atly egin-eşik kolleksiýasy hem görkezilýär.

 

Toplumlaýyn görnüşde Azerbaýjanyň medeni mirasyny açyp görkezmäge hyzmat eden sergi tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşy alynýar.

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty