Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda medeni platformalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Iýun aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet Ministri Adil Karimli arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar medeniýetiň iki doganlyk halkyň arasynda taryhy taýdan kemala gelen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagynda möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda medeniýet edaralarynyň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, döredijilik toparlarynyň we ugurdaş bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşykda Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjanyň Medeniýet Günleriniň iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni ýakynlaşmagy we özara düşünişmegi berkitmäge möhüm goşant goşýandygy nygtaldy. Şeýle hem çäreleriň maksatnamasyna Azerbaýjan kinematografiýasyna bagyşlanan film görkezilişleriniň, ýurdumyzyň baý edebi we çeper mirasyny şöhlelendirýän leksiýalaryň, şeýle hem dürli sergileriň girýändigi bellenildi.
Taraplar iki ýurduň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge hyzmat edýän bilelikdäki taslamalary, sergileri we beýleki medeni başlangyçlary durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem sungat işgärleriniň we döredijilik intelligensiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşygyň dowamynda halkara guramalaryň we medeni platformalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilen täze hyzmatdaşlyk görnüşleri barada pikir alyşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge gyzyklanma bildirip, halklaryň abadançylygynyň bähbidine konstruktiw dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.