Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet Günleri “Tagyýew: Nebit” çeper filminiň görkezilişi bilen başlandy
Iýun aýynyň 5-7 aralygynda Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet Günleri geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet ministri Adil Karimli ýolbaşçylygynda Azerbaýjanyň medeniýet, ylym we edebiýat işgärlerinden, sungat ussatlaryndan hem-de döredijilik toparlaryndan ybarat giň wekilýet doganlyk ýurda sapar etdi.
Azerbaýjanyň Medeniýet Günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Kinowideohyzmat” birleşiginiň Aşgabat kinoteatrynda “Tagyýew: Nebit” doly göwrümli çeper filminiň görkezilişine badalga berildi.
Çärä Azerbaýjanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Murad Huseýnow, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň jogapkär wekilleri, medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ilki bilen çykyş eden “Türkmenfilm” birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary Sahysaleh Baýramow Azerbaýjan wekiliýetini mähirli salamlaşdy. Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjanyň Medeniýet Günlerine ähmiýetli waka hökmünde baha berip, şeýle medeni başlangyçlaryň iki ýurduň doganlyk halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berjekdigini aýtdy.
Soňra Azerbaýjanyň Medeniýet ministriniň geňeşçisi Orhan Sadykow çykyş edip, Azerbaýjanyň medeni baýlyklarynyň doganlyk Türkmenistanda tanyşdyrylýandygyna kanagatlanma bildirdi. Bellenilişi ýaly, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliyew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan syýasy isleg netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar medeniýet ulgamynda hem üstünlikli ösdürilýär.
Şeýle hem geçen ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet Günleriniň ýokary derejede guralandygyny belläp, doganlyk türkmen halkynyň köp asyrlyk medeni mirasynyň gatnaşyjylaryň ýadynda çuňňur yz galdyrandygyny aýtdy.
Medeniýet ministriniň geňeşçisi Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynam bildirip, Azerbaýjan wekiliýetine görkezilen ýokary myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Soňra “Tagyýew: Nebit” doly göwrümli çeper filmi barada maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, film Geýdar Aliyew Gaznasy, Azerbaýjanyň Medeniýet Ministrligi we Azerbaýjan Respublikasynyň Kino agentliginiň goldawy bilen Baku Media Merkezi tarapyndan kino düşürildi. Bu kino meşhur millioner, beýik haýyr-sahawatçy Haji Zeynalabdin Tagiyewiň ömrüne bagyşlanan köp bölümli “Tagyýew” filminiň ilkinji bölümi bolup durýar.
Filmiň baş prodýuseri Baku Media Merkeziniň başlygy Arzu Aliýewa, prodýuseri Orman Aliýew, režissýory Zaur Kasymly, ssenariý awtorlary Ismaýyl Iman, Asif Isgenderli we Zaur Kasymly, operatory Wladimir Artemýew, suratkeşi Sabuhi Atababayew, geýim boýunça suratkeşi Wüsal Rahim, saz ýazyjysy Etebar Esedli bolup durýar.
Halk artistleri Pärwiz Mämmedrzaýew (Tagyýew keşbinde), Gurban Ismaýylow, at gazanan artistler Rasim Jafar, Elşen Rüstemow we Natäwan Hajyýewa bilen birlikde filmdäki taryhy keşpleri köp sanly ussat aktýorlar janlandyrdylar.
Soňra film tomaşaçylara görkezildi. XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň başlarynda Bakuda hem-de Azerbaýjanyň sebitlerinde bolup geçen möhüm taryhy-medeni wakalary özünde jemleýän ekran eseri uly gyzyklanma bilen garşylandy.