“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 14 may 2026

AZERBAÝJANYŇ WEKALITI AŞGABATDA GEÇIRILEN GDA-NYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGY GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

Aşgabatda Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Demir Ýol Ulagy Geňeşiniň 84-nji mejlisi geçirildi. Maslahata GDA ýurtlarynyň demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylary, bu ugurdaky hünärmenler we bilermenler gatnaşdylar. Çärede  ýurdumyzy "Azerbaýjan Demir Ýollary" ÝGPJ-niň başlygynyň orunbasary Nijat Guliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet wekilçilik etdi.

 

Çäräniň dowamynda sebitde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, özara gatnaşyklary berkitmek we ulag infrastrukturasyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, global derejede demir ýol ulagyna degişli döwrebap çemeleşmeler, innowasiýalar we tejribeler gözden geçirildi.

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty