Azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy
Ykdysadyýet ministri Mikayyl Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan wekiliýetini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, işewür hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikdäki başlangyçlary höweslendirmek, şeýle hem sebit ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ykdysadyýet ministri Mikayyl Jabbarowy kabul etdi.
Duşuşykda döwlet Baştutanlarynyň syýasy erkiniň netijesinde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigi bellenildi. Geçen aý Türkmenistanyň Prezidentiniň giň düzümdäki wekiliýet bilen Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň hem-de döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda gol çekilen resminamalaryň hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga möhüm goşant goşandygy nygtaldy.
Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, özara hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar we täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Saparyň çäklerinde Ykdysadyýet ministri Mikayyl Jabbarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Kuwanç Agajanow bilen duşuşdy.
Duşuşykda iki ýurduň baý energetika kuwwatynyň we tebigy baýlyklarynyň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk binýat döredýändigi bellenildi. Energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek, bu ugurda hukuk-şertnama binýadyny kämilleşdirmek hem-de bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişiniň halkara ulag geçelgelerini ösdürmek babatda möhüm artykmaçlyklary döredýändigi nygtaldy. Ählumumy gün tertibinde ulag we energetika howpsuzlygy meseleleriniň ähmiýetiniň barha artýandygy bellenilip, iki ýurduň sebit we dünýä energetika hem-de ulag howpsuzlygynyň üpjün edilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berildi.
Duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlyk bilen birlikde ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýeti hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyl Azerbaýjanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge hyzmat edendigi nygtaldy.
Türkmenistana amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda Ykdysadyýet ministri Mikayyl Jabbarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Bilelikdäki hökümetara toparynyň Türkmenistan tarapyndan egindeş başlygy Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy.
Duşuşykda Bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek, senagat, ulag, infrastruktura we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän taslamalary ilerletmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy.
Iş saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky Bilelikdäki hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi.
Toparyň Azerbaýjan tarapyndan egindeş başlygy, Ykdysadyýet ministri Mikayyl Jabbarow çykyşynda döwlet Baştutanlary tarapyndan kesgitlenen strategik ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine itergi berýändigini nygtady.
Bilelikdäki hökümetara toparynyň ykdysady-söwda, maýa goýum, senagat, energetika, ulag, logistika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek üçin möhüm meýdança bolup durýandygy bellenildi. Azerbaýjanyň özara maýa goýumlaryny höweslendirmek, işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy nygtaldy.
Ykdysadyýet ministri Türkmenistan tarapyndan Füzuli şäherinde doganlyk sowgady hökmünde gurlan metjit toplumy üçin hoşallygyny bildirip, bu taslamanyň Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanydygyny belledi.
Türkmenistanyň tarapyndan egindeş başlyk, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hem çykyşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara ynama we strategik hyzmatdaşlyga esaslanýandygyny nygtady.
Bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça giňeltmek, bar bolan taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak we ykdysady gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Nökerguly Atagulyýew Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana sowgat edilen "Dostluk" nebit tankeri üçin hoşallygyny beýan edip, bu başlangyjyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşandygyny aýtdy.
Mejlisde ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen Ikitaraplaýyn Işewürler geňeşini döretmek başlangyjy goldanyldy.
Mejlisiň jemleri boýunça ykdysady-söwda, energetika, ulag, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, suw infrastrukturasyny ösdürmek hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy göz öňünde tutýan Teswirnama gol çekildi.
Saparyň dowamynda Ykdysadyýet ministri Mikayyl Jabbarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşdy.
Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady dialogy we işewür hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de özara gyzyklanma döredýän beýleki ugurlar boýunça pikir alyşyldy.