Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şuşada Bülbüliň öý-muzeýine baryp gördüler
23-nji iýunda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şuşa şäherinde Bülbüliň öý-muzeýine baryp gördüler.
Milli Mejlisiň deputaty Polad Bülbülogly ýokary derejeli myhmana Bülbüliň öý-muzeýi barada maglumat berdi. Ol kakasynyň doglan we çagalyk ýyllaryny geçiren bu öýüniň Beýik Ýolbaşçynyň tabşyrygy esasynda, Şuşa şäher Halk Deputatlary Sowetiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň 1982-nji ýylda kabul eden karary bilen Bülbüliň öý-muzeýine öwrülendigini aýtdy.
1982–1983-nji ýyllarda abatlanan binada muzeý ekspozisiýasy döredilip, onuň öňünde dolandyryş binasy gurlupdyr.
Şuşa basyp alnanda ermeni wandalizmine sezewar bolup, işini bes eden öý-muzeýiniň dikeldiş işleri, beýleki taryhy-medeni ýadygärlikler ýaly, gadymy şäher basyp alyşlykdan azat edilenden soň başlandy.
Howluda Bülbüliň täze büsti oturdyldy.
Şeýle hem, Şuşanyň basyp alyşlyk döwründe wandalizme sezewar bolan öňki büst hem ermeni basybalyjylarynyň ýurdumyzyň medeni mirasyna garşy amala aşyran jenaýatlarynyň aýdyň subutnamasy hökmünde şu ýerde saklanýar.