AZERBAÝJAN BILEN TÜRKMENISTANYŇ ARASYNDAKY TRANZIT ÝÜK DAŞAMALARYNDA eTIR ULGAMYNYŇ ULANYLYŞYNA BADALGA BERILDI
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistanyň arasyndaky tranzit ýük daşamalarynda eTIR ulgamynyň ulanylyşyna badalga berildi.
Azerbaýjandan gündogar ugruna ugradylan telewizorlar we ses enjamlaryndan ybarat ýük Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portuna ýetirildi. Soňra bolsa Farap serhet-geçiriş nokady arkaly Özbegistanyň çägine girizildi. Bu amal ýeke-täk amallar tertibiniň çäklerinde Azerbaýjany, Türkmenistany we Özbegistany birleşdirýän ilkinji eTIR ýük daşamasy boldy.
Şeýle hem günbatar ugrunda Türkmenistandan pagta, şire, agyz suwy we süýji-köke önümlerini daşaýan dört sany ýük awtoulagy Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük resmileşdiriş işlerini tamamlansoň, parom arkaly Hazar deňzinden geçip, Baku Halkara Deňiz Söwda Portuna gelip ýetdi.
Ulgamyň ornaşdyrylmagynda Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE), Halkara Awtomobil Ulaglary Bileleşiginiň (IRU) hem-de onuň agza guramalary bolan ABADA, THADA we AIRCUZ guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýe boldy.
Halkara Awtomobil Ulaglary Bileleşiginiň (IRU) goldawy bilen amala aşyrylýan bu taslama gümrük maglumatlarynyň hakyky wagt tertibinde elektron görnüşde alyş-çalşyny üpjün etmäge, kagyz resminamalarynyň möçberini azaltmaga, töwekgelçilikleri iň pes derejä düşürmäge, gümrük amallaryny çaltlandyrmaga, çykdajylary azaltmaga, amallary we söwdany ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik döredýär.
Şol bir wagtyň özünde, eTIR ulgamynyň ulanylyşy Orta geçelgäniň (Middle Corridor) özüne çekijiligini artdyrmak hem-de bu ugur arkaly amala aşyrylýan ýük daşamalarynyň möçberini ýokarlandyrmak babatda hem möhüm ähmiýete eýedir.