Azerbaýjan bilen Türkmenistan gümrük ulgamynda sanlylaşdyrma we maglumat alyş-çalşygyny ara alyp maslahatlaşdylar
Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Gümrük Komiteti bilen Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň arasynda preferensial düzgünleriň ulanylmagy hem-de ýükler barada öňünden elektron maglumat alyş-çalşygyna bagyşlanan onlaýn iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar gol çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň we Hyzmatdaşlyk Protokolynyň ýerine ýetirilişi boýunça alnyp barylýan işleri, gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, gümrük resmileşdiriş amallaryny çaltlandyrmak hem-de iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatlaryň dowamynda Türkmenbaşy we Älät portlaryny birleşdirýän Hazar ulag-marşrutynyň tranzit-logistika mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan öňünden elektron maglumat alyş-çalşygy mehanizmleriniň ornaşdyrylmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Bellenişi ýaly, sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagy gümrük edaralaryna ýükler serhede ýetmezden öň risk seljermesini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýükleriň ýurduň çägine gireninden soň gümrük taýdan resmileşdiriliş möhletiniň ep-esli gysgaldylmagyna hem-de serhetden geçiş prosesiniň has netijeli guralmagyna şert döredýär.