“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 05 iyun 2026

Türkmenistanyň Döwlet uniwersitetinde Samed Wurgunyň 120 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjanyň Medeniýet Günleriniň çäklerinde iýun aýynyň 5-de Türkmenistanyň Döwlet uniwersitetinde görnükli söz ussady, dramaturg, jemgyýetçilik işgäri, akademik, SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi, Halk şahyry Samed Wurgunyň (1906–1956) doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.

 

Çärä Türkmenistanyň Döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary, Filologiýa fakultetiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

 

Çäräniň alyp baryjysy, Azerbaýjan Ýazyjylar birleşiginiň sekretary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ilgar Fami Samet Wurgunyň ömri we döredijiligi barada gysgaça maglumat berdi. Ol Samed Wurgunyň özboluşly döredijiligi bilen XX asyr Azerbaýjan edebiýatynyň ösüşinde aýratyn orun eýeländigini aýtdy.

 

Soňra Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nizami Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň ylmy sekretary, filologiýa ylymlary boýunça pelsepe doktory, dosent Aýgün Bagyrliniň “Samed Wurgun we Türki dünýäsi” atly mowzuk boýunça çykyşy diňlenildi.

 

Çykyşda Azerbaýjanyň edebi pikir taryhynda aýratyn orun eýeleýän Samed Wurgunyň köptaraply işiniň özeninde azerbaýjançylyk ýörelgesiniň durýandygy bellenildi. Beýik şahyr ene diliniň arassalygyny goramak ugrunda yzygiderli göreş alyp baryp, halk döredijiliginiň tükeniksiz hazynasyndan peýdalanyp, diliň ähli many gözelliklerini özünde jemleýän hem-de çuňňur ynsanperwer we jemgyýetçilik mazmunyna eýe bolan gymmatly eserleri döredipdir.

 

Şeýle hem geçmişe hormat we geljege ynam Samed Wurgunyň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýändigi nygtaldy. Şahyryň eserleriniň XX asyryň 50-nji ýyllarynda türkmen diline terjime edilip neşir edilendigi, pýesalarynyň bolsa Türkmenistanyň teatrlarynda sahnalaşdyrylandygy bellenildi.

 

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputaty, Azerbaýjan-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň agzasy, syýasat ylymlarynyň doktory, professor Hikmet Mämmedow “Samed Wurgunyň döredijiliginde watan temasy” atly çykyşynda Halk şahyrynyň edebi mirasynyň esasan ene Watanyň waspyna bagyşlanandygyny aýtdy. Şeýle hem onuň eserleriniň häzirki döwürde hem adamlary öz Watanyny söýmäge çagyrýandygyny belledi.

 

“Azebaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky edebi gatnaşyklaryň ösüşi we edebi alyş-çalyş” atly mowzuk boýunça çykyş eden Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynyň direktory, professor Kerim Tahyrow edebiýatyň halklaryň arasynda medeni köprüleri gurmakdaky möhüm ornuny nygtady.

 

Şeýle hem AMYA-nyň Binagärlik we sungat institutynyň professory RahibE Aliýewa hem-de Nizami adyndaky Edebiýat institutynyň işgäri, filologiýa ylymlary boýunça pelsepe doktory, dosent Tohfe Talybowa Halk şahyrynyň baý edebi mirasynyň çeperçilik we ideýa aýratynlyklary barada çykyş etdiler.

 

Türkmen talyplary şahyryň goşgularyny azerbaýjan we türkmen dillerinde labyzly okadylar.

 

Çeper okaýjy Hüseýnaga Aslanow hem şahyryň poeziýa mirasyndan nusgalary ýerine ýetirdi.

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty