“Müstəqilliyimiz əbədidir, daimidir, dönməzdir”
news banner image Desktop news banner image Mobile
Metbugat habarnamasy 22 iyun 2026

Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda “Dostluk” tankeriniň onlaýn görnüşindäki gowşurylyş dabarasy geçirildi

Iýun aýynyň 22-njAzerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Dostluk» nebit daşaýan tankeriniň onlaýn görnüşde sowgat berilmegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

 

Türkmenistana sowgat hökmünde gowşurylan «Dostluk» nebit daşaýan tankeri Baku gämi gurluşyk zawodynda guruldy.

 

Tankeriň umumy uzynlygy 141 metr, ini 16,9 metr, suwa çümdürimi bolsa 4,54 metrdir. Dedweýti 7 875 tonna deň bolan bu tanker Azerbaýjanda gurlup, diňe bir gämi gurluşyk pudagynyň ösüşini görkezmän, eýsem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hem goşant goşýar.

 

Şeýle hem bu taslama Baku gämi gurluşyk zawodynda uly göwrümli we tehnologik taýdan çylşyrymly gämi gurluşyk taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň mümkindigini ýene bir gezek tassyklaýar.

 

Şu wagta çenli bu zawodda 14 gämi gurlup, 170-den gowrak gämini abatlamak boýunça taslamalar üstünlikli ýerine ýetirildi.

 

Häzirki wagtda zawodyň sargyt bukjasyna girýän 17 gäminiň 11-siniň gurluşygy dowam etdirilýär, galan 6 gämi bolsa taslama taýýarlamak tapgyryndadyr.

Paýlaş

Rightshli hukuklar goralandyr. Ygtyýarly material ulanmak üçin biziň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Gizlinlik syýasaty