Aşgabatda Ajemi Nahçywanyň 900 ýyllygy bellenildi
Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjanyň Medeniýet Günleriniň çäklerinde iýun aýynyň 5-nde Türkmenistanyň Döwlet Binagärlik we Gurluşyk uniwersitetinde Azerbaýjan binagärliginiň görnükli wekili, Nahçiwan binagärlik mekdebiniň esaslandyryjysy Ajemi Ebu Bekir ogly Nahçywanyň doglan gününiň 900 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.
Çärä uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar düzümi, talyplar hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Çäräniň alyp baryjysy, Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynyň direktory, professor Kerim Tahyrow Ajemi Nahçywany orta asyrlar Azerbaýjan binagärligine täze ugur beren, döwrüň binagärlik uslubyna nepislik we dinamika getiren beýik ussat hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle hem ol Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliyew tarapyndan gol çekilen degişli Perman esasynda Ajemi Nahçywanyň 900 ýyllyk ýubileýiniň döwlet derejesinde bellenilýändigini aýtdy.Şeýle-de binagäriň 900 ýyllygynyň 2024–2025-nji ýyllar üçin ÝUNESKO tarapyndan yglan edilen ýubileýler maksatnamasyna hem girizilendigi nygtaldy.
Soňra Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasynyň Binagärlik we Sungat institutynyň işgäri, professor Rahiba Aliyewanyň “Ajemi Nahçywany we nusgawy Azerbaýjan binagärligi” atly mowzuk boýunça çykyşy diňlenildi.
Çykyşda Ajemi Nahçywanyň döredijiliginiň XII asyrdaky Azerbaýjan medeni-jemgyýetçilik pikiriniň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Onuň döredijilik zehininiň miwesi bolan Mömine Hatun aramgähi hem-de Ýusup Küseýir oglunyň türbesi türki-yslam dünýäsiniň ajaýyp binagärlik eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Bu monumental ýadygärlikler özleriniň nepis kompozisiýasy we ýokary estetiki kämilligi bilen tapawutlanýar.
Alym Ajemi tarapyndan döredilen binagärlik mekdebiniň soňraky döwürlerde diňe bir Azerbaýjana däl, eýsem Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň binagärligine hem güýçli täsir ýetirendigini belledi.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputaty, Azerbaýjan-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň agzasy, syýasat ylymlarynyň doktory, professor Hikmet Mämmedow “Seljuk binagärligi we Ajemi Nahçywany” atly mowzuk boýunça çykyş etdi.
Çykyşda Seljuk binagärliginiň türki-yslam binagärliginiň iň ýokary derejeleriniň biri hasaplanylýan bolsa, onuň Azerbaýjan ugrunyň iň beýik wekili hökmünde Ajemi Nahçywanyň ykrar edilýändigi nygtaldy.
Çäräniň ahyrynda çykyş edenler diňleýjileri gyzyklandyran soraglara jogap berdiler.